Germaniýanyň ilçihanasy Roždestwo konsertine çagyrýar

0
737

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respubliaksynyň Türkmenistandaky ilçihanasy däbe öwrülen Roždestwo konsertine çagyrýar. Onuň dowamynda Bahyň, Marçellonyň, Gaýdnyň (barokko eýýamynyň sazlary) eserleri ýerine ýetiriler.

Roždestwo konserti Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda 6-njy dekabrda geçiriler.

Başlanýan wagty – 18:30.

Konserte Eziz Jumanyýazowyň ýolbaşçylygyndaky simfoniki orkestr hem-de üflenip çalynýan saz guralynyň germaniýaly ussady Wolfgang Bauer gatnaşar.

Isleg bildirýänleriň hemmesi çagyrylýar. Konsert tölegsiz.

Türkmenistanda ýakyn günlerde geçiriljek beýleki konsertler baradaky maglumaty “Afişa” atly rubrikamyzdan okap bilersiňiz.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň