Şu gün – 6-njy awgustda Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin 5-nji awgustda Türkmenbaşy şäherine iş sapary bilen gelen Gazagystan Respbulikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokeýew bilen türkmen Lideriniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gazagystanyň Prezidenti myhmansöýerligi üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirdi we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmek baradaky başlangyjynyň aşa derwaýysdygyny we öz wagtynda geçirilýändigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn meseleleriň köp sanlysyna seredilip, Prezidentler Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Gazak Lideri söhbetdeşligiň dowamynda ýakyn wagtda Türkmenistanda resmi saparda boljakdygyny nygtady:
— Gazagystan üçin Türkmenistan strategiki hyzmatdaş. Biziň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýe bolan köp sanly taslamamyz bar. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns bereris. Men hökümete degişli görkezme berdim. Türkmenistana resmi saparymyň üstünde işleýärler. Aslynda, gol çekmek üçin resminamalaryň esasy bukjasy eýýäm taýýar, ýakyn günlerde geçiriljek gepleşikleriň we şertnamalaryň gol çekilmegi doganlyk halklarymyzyň we döwletlerimiziň, döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga çynlakaý itergi berjekdigine ynanýaryn.
Taraplar söwda we ykdysady hyzmatdaşlyga oňyn itergi bermek, eksport-import ugurly harytlaryň görnüşini köpeltmek, ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden has giňişleýin peýdalanmak, şeýle hem medeni we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary pugtalandyrmak isleýändiklerini mälim etdiler.
Şeýle-de okaň!