Soňky habarlar

Arhiw

Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşýarlar

13:0506.08.2021
0
2219

«Türkmenportal» habarlar portalynyň ozal habar berşi ýaly, şu gün – 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we onuň çälerinde başga-da birnäçe halkara çäreler geçirilýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky üçünji duşuşygyna sebit ýurtlarynyň Prezidentleri we BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German gatnaşýar.

Sammitiň gün tertibi durnukly ösüş ädimleri, söwda işjeňligini ýokarlandyrmak, energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk üçin amatly şert döretmek, ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak, pandemiýa garşy bilelikdäki tagallalar, Owganystandaky çalt üýtgeýän ýagdaý we onuň çözgüdi baradaky pikirler, şeýle-de häzirki döwrüň beýleki köp sanly meselelerini öz içine alýar.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň