Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça 19 resminama gol çekildi

16:4504.08.2021
0
11307
Şu gün – 4-nji awgustda Türkmenistana döwlet saparynyň dowamynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Gepleşiklerden soňra döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly resminamalaryň tomlumyna gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Täjigistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.
Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Bilelikdäki beýanyna gol çekdi.
Soňra iki döwletiň ministrlikleriniň we degişli pudaklaýyn-dolandyryş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça 19 resminama gol çekildi.
Resminamalara gol çekişlik dabarasy tamamlanandan soň gepleşikleriň netijelerine bagyşlanan metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa iki döwletiň Prezidenti, resmi wekiller we žurnalistler gatnaşdylar. Hormatly Prezidentler metbugat ýygnagynda çykyş edip, ikitaraplaýyn gepleşikleriň örän netijeli ýagdaýda geçendigine ýokary baha berdiler.
Şeýle-de okaň!
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň