Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary başlandy

20:5103.08.2021
0
20689

Şu gün – 3-nji awgustda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistana döwlet sapary başlandy. «Türkmenportal» habarlar portalynyň ozal habar berşi ýaly, täjik Lideri döwlet saparynyň çäklerinde, meýilleşdirilen çäreler bilen birlikde, 6-njy awgustda Awazada geçirilýän Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.

Duşanbe Halkara howa menzilinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony ýurduň ýokary wezipeli döwlet işgärleri ugratdylar.

Täjik wekiliýetiniň düzüminde, şeýle-de daşary işler ministri, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary gatnaşyklar boýunça kömekçisi, ykdysady ösüş we söwda, energiýa we suw baýlyklary, ulag, medeniýet ministrleri, döwlet maýa goýumlar we döwlet emläk dolandyryş komitetiniň başlygy, zenanlar we maşgala işleri, ýaşlar we sport, syýahatçylygy ösdürmek boýunça komitetleriň başlyklary, demir ýol döwlet unitar kärhanasynyň başlygy, Halk demokratik partiýasynyň başlygynyň orunbasary, söwda-senagat edarasynyň başlygy we beýleki degişli wekiller bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň