Soňky habarlar

Arhiw

Emomali Rahmon Türkmenistana sapar bilen geler

23:4728.07.2021
0
15302

2021-nji ýylyň 4-6-nji awgustynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet sapary bilen geler. Bu barada Täjigistanyň Daşary işler ministrligine salgylanylyp habar berilýär.

Täjik Lideri saparynyň dowamynda Awazada geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.

Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň bellemegine görä, 28-29-njy iýulda Duşanbede geçirilýän Bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparynyň mejlisiniň dowamynda Prezident Emomali Rahmonyň Türkmenistana sapary üçin taýýarlanylan ikitaraplaýyn resminamalar toplumy hem ara alnyp maslahatlaşylýar.

Muhriddin: «Täjigistan tarapy döwlet Baştutany Emomali Rahmonyň Türkmenistana boljak saparynyň taryhy waka boljakdygyna umyt edýär» – diýip belleýär.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Liderleri soňky gezek 2019-njy ýyldaky GDA sammitiniň çäginde Aşgabatda duşuşypdylar.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda iki ýurduň ýokary ýolbaşçylarynyň arasynda gazanylan şertnamalary durmuşa geçirmek üçin Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklarda zerur ädimler ädildi. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylyň maý aýynda iki döwletiň arasyndaky pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin «ýol kartasy» kabul edildi, bu birnäçe bilelikdäki amaly çäreleri öz içine alýar.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň