Soňky habarlar

Arhiw

Duşanbede Bilelikdäki türkmen-täjik toparynyň onunjy mejlisi geçirildi

21:3528.07.2021
0
3043
Duşanbede Bilelikdäki türkmen-täjik toparynyň onunjy mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 28-nji iýulynda Duşanbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, täjik tarapyna bolsa – Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler Şofakir ýolbaşçylyk etdiler.

Mejlisiň barşynda taraplar türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler we ýokary döwlet derejesindäki birek-birege ynanyşmak häsiýete eýe bolan özara hereketleriň onuň ösdürilmegine oňyn itergi berýändigini nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Toparyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen soňky mejlisiniň çözgütlerine laýyklykda bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ýagdaýyna seljerme berildi. Wekiliýetler Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky özara hereketleriň ulgamlaýynlygyny kanagatlanma bilen belläp geçdiler.

Taraplar eksport-import amallarynyň gowulandyrylmagy, özara üpjün edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň göwrüminiň artdyrylmagy bilen birlikde söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegine itergi berýän şertlerleriň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işleriň güýçlendirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Mundan başga-da, energetika, senagat, oba hojalygy we suw serişdeleri ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň, şol sanda ulag pudagyndaky özara hereketleriň derwaýys ugurlaryna seredilip geçildi.

Mejlise gatnaşyjylar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň işewürlik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki forumlary, ýarmarkalary we maslahatlary guramaga gyzyklanma bildirildi.

Taraplar medeniýet we ylym ulgamynda bilelikdäii çäreleri geçirmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Sport we ýaşlar syýasaty ugry boýunça, şol sanda iki ýurduň döwlet edaralarynyň hem-de ýaşlar jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar Toparyň onunjy mejlisiniň teswirnamasyna gol çekdiler. Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň on birinji mejlisiniň 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilmegi kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň