Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Awazada geçiriljek halkara forumlaryň Guramaçylyk komitetiniň iş maslahatyny geçirdi

22:5023.07.2021
0
4186

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek boýunça Guramaçylyk komitetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow awgust aýynyň başynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyny hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklary we beýleki çäreleri degişli derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işler;

― Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň maksatnamasy;

― Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara forumlary hem-de sergileri ýokary derejede geçirmek boýunça görülýän çäreler;

― Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň üstünliklerini, halkymyzyň baý medeni mirasyny we köpasyrlyk milli gymmatlyklaryny giňden beýan etmek maksady bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy, Merkezi Aziýa döwletleriniň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertine görülýän taýýarlyk;

― Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara ähmiýetli çärelere taýýarlyk görmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler;

― Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen görülýän anyk çäreler;

― Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň çäginde guraljak Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine taýýarlyk görmek meselesi barada hasabat berdiler

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň jemini jemläp, öňümizdäki wakalaryň köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belläp, möhüm ähmiýetli forumlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we Guramaçylyk komitetiniň agzalaryna anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň