Soňky habarlar

Arhiw

«Ýaňlan, Diýarym! ― 2021» telebäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça ýeňijileri belli boldy

11:1703.08.2021
0
2103

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2021» telebäsleşiginiň Mary welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bäsleşige deslapky etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiş gazanan ýaş höwesjeň aýdymçylaryň onusy gatnaşyp, olar Mary şäheriniň merkezinde ýerleşýän «Bagtyýarlyk» seýilgähiniň dürli öwüşginler bilen bezelen ajaýyp sahnasynda çykyş etdiler.

Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, aýdymçylaryň ikisi — Mary etrap medeniýet merkeziniň aýdymçysy Bägül Ataýewa hem-de Tagtabazar etrap medeniýet merkeziniň aýdymçysy Agaýusup Akmyradow ýeňiji diýlip yglan edildiler we olar «Ýaňlan, Diýarym! — 2021» telebäsleşiginiň döwlet derejesinde geçiriljek tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň