Soňky habarlar

Arhiw

“Sputnik V” we “AstraZeneca” waksinalarynyň birleşmesiniň howpsuzdygy belli boldy

14:2631.07.2021
0
698

Azerbaýjanda geçirilen “Sputnik V” we “AstraZeneca” sanjymlarynyň birleşmesini öwrenmek boýunça ylmy barlaglaryň netijesinde alnan maglumatlar onuň howpsuzdygyny mälim etdi. Russiýanyň Göni maýa goýumlary gaznasynyň ýardam bermeginde geçirilen barlaglaryň esasynda sanjym edilenleriň arasynda ýaramaz täsirler ýüze çykarylmady.

Bu ugurdaky barlaglar häzirki wagtda Azerbaýjanda, BAE-de we Argentinada alnyp barylýar. Azerbaýjanda geçirilen synag sanjymlaryna meýletinçileriň 50-si gatnaşdy, netijede sanjymlaryň ýaramaz netijeleri ýüze çykarylmady we olar koronawirus ýokanjy bilen kesellemedi.

Umumy 150 sany meýletinçiniň gatnaşmagynda geçirilýän barlaglary 2022-nji ýylyň martynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň