Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa bir hepdäniň içinde Türkmenistandan ikinji uçuşyny gurady

11:5230.07.2021
0
14595
Russiýa bir hepdäniň içinde Türkmenistandan ikinji uçuşyny gurady

Şu gün irden Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan Russiýanyň «Sibir» howa ýollarynyň S78536 uçary Türkmenabat halkara howa menzilinden Moskwa ugrady.

Russiýanyň ilçihanasynyň habaryna görä, uçuşda 175 ýolagçy bar.

Ilçihana «Türkmenistan» awiakompaniýasyna Türkmenabat — Moskwa gatnawynyň ýolagçylary üçin goşmaça Aşgabat — Türkmenabat uçuşyny gurnandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu nobatdaky uçuş şu hepde rus diplomatlary tarapyndan guralan Türkmenabatdan Moskwa ikinji ýörite uçuşydyr. Çarşenbe güni 172 ýolagçy «Sibir» howa ýollarynyň uçary bilen Türkmenistandan Russiýa uçdy.

Pandemiýa başlaly bäri Russiýanyň ilçihanasy eýýäm Türkmenistandan 17 çarter uçuşyny gurady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň