Soňky habarlar

Arhiw

Howa maglumaty: 26-njy iýul

09:3426.07.2021
0
18345
Howa maglumaty: 26-njy iýul

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 26-njy iýulda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty:

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 12 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28... +30° maýyl, gündizine +39... +41° yssy bolar. Howanyň basyşy 734 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +28° maýyl, gündizine +36... +41° yssy, kenarýaka etraplarynda +29... +34° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +32... +34°, basyşy 750 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Awazada: howa +31... +33°, basyşy 755 mm, çyglylygy 30 — 50 %.

Balkanabat şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 757 mm, çyglylygy 25 — 45 %.

Ahal welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 19 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +31° maýyl, gündizine +38... +43° yssy bolar.

Änew şäherinde: howa +40... +42°, basyşy 737 mm, çyglylygy 25 — 45 %.

Tejen şäherinde: howa +41... +43°, basyşy 740 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Mary welaýatynda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 20 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +30° maýyl, gündizine +38... +43° yssy bolar.

Mary şäherinde: howa +40... +42°, basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Baýramaly şäherinde: howa +41... +43°, basyşy 734 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Lebap welaýatynda: açyk howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 22 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +26... +31° maýyl, gündizine +38... +43° yssy bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +40... +42°, basyşy 736 mm, çyglylygy 10 — 30 %.

Kerki şäherinde: howa +41... +43°, basyşy 731 mm, çyglylygy 5 — 25 %.

Daşoguz welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +28° maýyl, gündizine +35... +40° yssy bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +38... +40°, basyşy 749 mm, çyglylygy 15 — 35 %.

Köneürgenç şäherinde: howa +37... +39°, basyşy 750 mm, çyglylygy 20 — 40 %.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň