Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginde geçen alty aýyň dowamynda öndürilen önüm 44 müň tonna golaýlady. Bu barada «Jeyhun.news» habar berýär.
Onuň esasy bölegi eksport edildi. Has takygy, eksporta iberilen önümiň mukdary 38,4 müň tonna golaýlady. Suwuklandyrylan gazyň öndürilişi hem, onuň daşary ýurda iberilişi hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýokarydyr.
Ýarym ýylda ösüş depgini 106,8 göterime barabar boldy.