Soňky habarlar

Arhiw

Ahalda we Balkanda importuň ornuny tutjak täze önümçilikler ýola goýlar

22:4023.07.2021
0
4478

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna importyň ýerini tutýan we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Senagaty ösdürmek boýunça “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak, importyň ýerini tutýan we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan hereket edýän önümçilikleriň düzümini kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary zerur bolan gurluşyk harytlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny, faýans önümlerini öndürýän zawody gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar, bu önümçiliklerde esasy çig mal bolup, kaolin önümi giňden ulanylýar.

Balkan kän müdirliginiň kaolin önümhanasynyň taslama kuwwatyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň maýa goýum serişdeleriniň hasabyna ady agzalan önümhananyň durkuny täzelemek hem-de bilelikdäki açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Şol kärhananyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi hem-de durkunyň täzelenilmegi onuň kuwwatyny artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän çig mal üçin harç edilýän serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda sarp edijileri zerur import önümleriniň ornuny tutýan harytlar bilen doly üpjün etmäge ukyply, kuwwatly gurluşyk senagatyny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Milletiň Lideri pudagyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly islege eýe bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň