Top.Mail.Ru

Gubadag etrabynda täze haly önümhanasy açylyp, ulanylmaga berildi

10:5823.07.2021
0
7310

Daşoguzyň çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag etrabyndaky haly önümhanasynyň täze binasy ulanylmaga berildi. Umumy tutýan meýdany ýarym gektara barabar bolan haly kärhanasynyň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar.

Bu ýerde çeper elli halyçy gelin-gyzlaryň 150-siniň zähmet çekmegi, dynç almagy üçin oňaýly şertler döredildi. Täze binanyň giňligi 860 inedördül metre barabar eýwanynda haly ýüwürtmek, dokamak üçin iň döwrebap enjamlar oturdylypdyr. Halyçylaryň esasy işlejek ýeri bolan giň eýwanda ýylyň ähli paslynda howanyň amatly derejesi saklanar. Binanyň içinde edara jaýy, haly we haly önümleriniň muzeýi, taýýar önümleri saklamak üçin iki sany ammar, gulluk otagy, ussahana ýerleşýär. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan kärhana inçe sungaty bilen gözellik döredýän ussat halyçylary has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň