Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti 13 çagaly maşgala bilen didarlaşdy

12:1022.07.2021
0
9235
Türkmenistanyň Prezidenti 13 çagaly maşgala bilen didarlaşdy
Surat: tdh.gov.tm

21-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze ýaşaýyş jaý toplumynyň hem-de welaýat merkezinde gurlan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Ýaşaýyş jaý toplumy açylandan soňra, hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze jaýa göçüp gelen köp çagaly bagtyýar maşgalanyň çakylygy boýunça bagtly jaý eýeleriniň öýünde myhmançylykda boldy.

Maşgalabaşy – kärendeçi Uzakbaý Esenow döwlet Baştutanyny täze öýde garşylamagyň öz maşgalasy üçin uly mertebe hasaplaýandygyny aýtdy. Bagtly maşgalada 13 çaga — 8 ogul, 5 gyz kemala gelýär.

Uly ýaşly çagalar hem özleriniň bagtyýar durmuşy üçin milletiň Liderine çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, Watanyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmagy arzuw edýändiklerini aýtdylar.

Körpeler bolsa özlerine mahsus mähirlilik bilen goşgy setirleri arkaly hoşallyklaryny aýtdylar.

Uzakbaýyň maşgalasy öz çagalaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň käbesi Ogulabat ejäniň mysalynda milli gymmatlyklara, däp-dessurlarymyza, watançylyga we zähmetsöýerlige hormat goýmak ruhunda terbiýeleýändigini buýsanç bilen gürrüň berdi.

Milletiň Lideri jaý eýelerinden täze öý, onda döredilen şertler barada pikirlerini sorady. Olar, öz nobatynda, ýurdumyzyň raýatlary barada edýän aladasy hem-de ýokary amatlylygyň häzirki zaman ölçeglerine kybap gelýän ajaýyp jaýda ýaşamaga döredilen mümkinçilikler üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Halkyň mynasyp durmuş şertlerini üpjün etmek — döwletiň esasy wezipesi bolup, ýurtda geljekde hem halkyň abadançylygy, onuň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada alada etjekdigini belledi.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze öýleriň eýelerini jaý toýy bilen gutlap hem-de sowgatlary gowşuryp, olara täze ojakda bagtly ýaşamagy, maşgala abadançylygyny, saglyk we üstünlikleri arzuw etdi. Bilelikde surata düşülenden soň, täze öýüň eýeleri, öz nobatynda, döwlet Baştutanyna türkmen halkynyň asylly däbine eýerip, toý düwünçegini gowşurdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň