Türkmenistan ÝUNESKO MOWCAP-yň 10-njy mejlisine gatnaşýar

10:3608.05.2024
0
7550

Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda ÝUNESKO-nyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Bütindünýä «Dünýäniň hakydasy» komitetiniň (MOWCAP) 10-njy mejlisi geçirilýär.

Bu möhüm çäre Mongoliýanyň Medeniýet ministrligi we Mongoliýanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli topary tarapyndan bilelikde guraldy.

MOWCAP-yň nobatdaky mejlisiniň işine sebitden ÝUNESKO agza bolan 23 ýurduň wekilleri gatnaşýarlar. Türkmenistandan bu mejlise ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa wekilçilik edýär.

«Tuushin Best Western Premier» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça Bütindünýä «Dünýäniň hakydasy» komitetiniň başlygy Kibaýew Kim hem-de Mongoliýanyň medeniýet ministri Çinbatyn Nomin çykyş etdi.

ÝUNESKO-nyň agza ýurtlarynyň Milli toparlarynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça MOWCAP maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça edilen işler baradaky hasabatlar hem diňlenildi.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýatlamasy halkara maksatnamasyny durmuşa geçirmekde soňky üç ýylda Türkmenistanda edilen maksatnamalaýyn işler barada çykyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň