Aşgabatda «Türkmen-türk doganlygy» sergisi geçirildi

11:2108.05.2024
0
11416

Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň çäginde Türkiýäniň we Türkmenistanyň medeni, taryhy mirasyna bagyşlanan ajaýyp sergi geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda berilýän habara görä, bu ýerde iki ýurduň milli tagamlaryny dadyp görmäge, şeýle hem iki ýurduň medeni däp-dessurlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredildi.

Sergide halk senetçilik önümleri, türkmen we türk milli eşikleri görkezildi.

Bu çäre ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli tansy «Küştdepdi» bilen açyldy. Şeýle hem milli türk tansy «Kaşyk» ýerine ýetirildi.

Sergä gelenler türkmen we türk milli aşhanalarynyň iň gowy tagamlaryny dadyp gördüler. Naharlaryň arasynda gyzgyn palaw, dolma, pişme, türk kofesi we başgalar bar.

Serginiň soňunda ahalteke atlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Bilelikdäki türkmen-türk mekdebi iki ýurduň doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr. Çeşmäniň bellemegine görä, mekdepde okuw meýilnamasyna laýyklykda goşmaça tans we halk döredijiligi hem öwrenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň