Türkmenistanyň Prezidenti Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

11:4408.05.2024
0
15599
Türkmenistanyň Prezidenti Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, täze zawodyň ýokary hilli önümleri ýurtda ýaýbaňlandyrylan köp sanly gurluşyklarda peýdalanylar. 2005-nji ýylda ulanmaga berlen Bäherden sement zawody Merkezi Aziýa sebitinde şunuň ýaly kärhanalaryň iň irileriniň biri bolup durýar.

Ýurduň gurluşyk senagatynyň iri kärhanasy Köpetdagyň belent gerişleriniň eteginde ägirt uly senagat düzümlerini we önümçilik desgalaryny özünde jemleýän tutuş toplumdyr. Bu ýerde sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilip gelinýär.

Senagat toplumynyň ikinji tapgyry Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Beýik-Bina» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we dünýäniň sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän Germaniýanyň «KHD Humboldt Wedag» iri inženerçilik kompaniýasy çekildi.

Täze zawod dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa uly isleg bildirilýän ýokary hilli sementiň PS-400, PS-500, PS-600 görnüşlerini hem-de sulfata durnukly portlandsementi öndürmäge mümkinçilik berýär.

Beýleki desgalarda bolşy ýaly, bu zawodda hem önümçiligiň ekologiýa taýdan arassalygyna we ähli bellenen kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi. Çünki daşky gurşawyň goraglylygy ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurluşygynda aýrylmaz şertleriň biri bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň