Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow eýran kärdeşi Raisini Türkmenistanda geçiriljek halkara forumlara çagyrdy

23:0020.07.2021
0
5937

Şu gün – 20-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramynyň gelmegi bilen birek-biregi gutladylar hem-de dostlukly goňşy döwletleriň halklaryna parahatçylyk we bagt arzuw etdiler.

Türkmen Lideri şu ýylyň 5-nji awgustynda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyna gatnaşmak baradaky iberen çakylygy üçin eýran kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de köpasyrlyk dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, eýranly kärdeşini özi üçin islendik amatly wagtda resmi sapar bilen Türkmenistana gelmäge hem-de şu ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammitine hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy. Bu duşuşyk Türkmenistanyň şu ýyl bu düzümde başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň