Soňky habarlar

Arhiw

«Toyota»-nyň prezidenti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

19:4619.07.2021
0
4424

«Business-gazeta.ru»-nyň berýän habaryna görä, Tokio Olimpiýa oýunlarynyň hemaýatkärlerinden biri bolan Ýaponiýanyň iň uly awtoulag öndürijisi bolan «Toyota Motor» kompaniýasy Oýunlar bilen baglanyşykly mahabatlary ýaýratmakdan ýüz öwürdi. Mundan başga-da, «Toyota»n-yň prezidenti Akio Toýeda we beýleki ýolbaşçylar Oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşmazlar.

Kompaniýanyň aragatnaşyk bölüminiň müdiri Jun Nagatanyň aýdyşy ýaly: «Olimpiýa oýunlary halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilmedik çärä öwrülýär». Şeýle-de bolsa, «Toyota» oýunlaryň zerurlygy, esasanam wezipeli adamlary daşamak üçin 3340 ulag bilen üpjün eder.

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda daşary ýurtly janköýerler gatnaşmazdan geçiriljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň