«Lufthansa» awiakompaniýasy ýolagçylara «Hanymlar we jenaplar» diýip ýüzlenmegi aradan aýrar

12:3014.07.2021
0
6360

«Euronews»-yň habar bermegine görä, Germaniýanyň iň uly awiakompaniýasy bolan «Lufthansa» ýolagçylaryna «Hanymlar we jenaplar!» diýip ýüzlenmegi aradan aýyrmagy meýilleşdirýär.

Awiakompaniýanyň wekilleriniň pikirine görä, ýolagçylar jyns taýdan tapawutlandyrylmaly däldir. Awiakompaniýanyň metbugat kätibi salamlaşykda hemmeleriň deň derejede göz öňünde tutulmalydygyny aýdýar.

Mundan beýläk günüň wagtyna laýyklykda, «Hormatly myhmanlar!», «Ertiriňiz, gündiziňiz, agşamyňyz haýyrly bolsun!» ýaly jümleler ulanylar. Täze düzgünler «Lufthansa» toparynyň golçur awiakompaniýalaryna ― Germaniýanyň «Eurowings», Şweýsariýanyň SWISS, Awstriýanyň «Austrian Airlines» we Belgiýanyň «Brusseles Airlines» awiakompaniýalaryna hem täsirini ýetirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň