Soňky habarlar

Arhiw

«Bücürük» çagalar egin-eşik dükany «Çagalar dünýäsi» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

13:3113.07.2021
0
5422

Şol bir atdaky türk markasynyň önümlerine wekilçilik edýän «Bücürük» dükany, her ýyl geçirilýän «Çagalar dünýäsi» bäsleşiginiň şu ýylky netijelerine görä, «2021-nji ýylda çagalar eşikleriniň iň gowy butigi» diýlip ykrar edildi.

Bu bäsleşik milli eşikleriň we markalaryň ýyllyk sergisiniň çäginde «Gülzemin» söwda-dynç alyş merkezinde geçirildi. «Çagalar dünýäsi» bäsleşigi «AmVi brand& DOGSHOW 2021» tarapyndan gurnaldy.

Çagalaryň egin-eşik butikleri üçin geçirilen bäsleşikde ýedi dükan «Iň gowusy» diýen ady almaklyk ugrunda dalaşgär boldy. Şol ýedi dalaşgär dükanyň üçüsi finala çykdy. Bäşleşikde her dalaşgär öz önümini üç dürli görnüşde – sport eşikleri, çagalar üçin gündelik eşikler we nusgawy eşikler görnüşde görkezmeli boldy

Emin agzalarynyň karary esasynda dürli görnüşlerdäki häzirki zaman modelleri bilen tapawutlanýan «Bücürük» çagalar eşikleri butigi ýeňiji diýlip yglan edildi. Bu bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesine kubok we diplom berildi.

2012-nji ýylda «Çagalar dünýäsi» söwda-dynç alyş merkezinde türk çagalar eşik öndürijisiniň Bücürük» franşizasy bilen açylan dükan köp görnüşli dürli harytlary özünde jemleýär. Bu ýerde täze doglan çagalardan başlap, 14-15 ýaşly ýetginjeklere çenli niýetlenilen eşikleri tapyp bolýar. Çagalaryň möwsümleýin eşiklerinden başga-da, dükanyň düregeý önümleri (assortimenti) hepdede diýen ýaly täzelenýär. Mundan başga-da, bu ýerde mekdep eşiklerini satyn almak mümkinçiligi bar.

«Bücürük» dükany her möwsümiň ahyrynda ýa-da baýramçylyk günlerinde haryt satmaklyk üçin aksiýalary geçirýär we adaty müşderiler 10 göterim arzalaşyk üçin diskont karty işjeň ulanýar. Mundan başga-da, müşderiler alan harytlaryny niýetlän salgysyna eltip bermek hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.

«Bücürük” çagalar egin-eşik butigi şäheriň beýleki söwda merkezleri bilen hem dükanlar zynjyryny döretmegi meýilleşdirýär.

Dükanyň saýlama düregeý önümleri (assortimenti) bilen şu ýere basyp tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň