Daşoguzdaky Türkmen oba hojalyk institutynyň alymlary tarapyndan Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli güýzlük ýumşak bugdaýyň «Garaşsyzlyk — 30» atly täze, döwrebap sorty döredildi hem-de döwlet synagyny geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlikleriň döwlet sort synag edarasyna tabşyryldy.
Guşgursak ak bugdaýyň «Garaşsyzlyk — 30» sorty «Türkmenistanda bugdaýyň ýokary hasylly sortlaryny döretmek we ilkinji tohumçylygyny ylmy esasda alyp barmak» atly tema boýunça oba hojalyk ylymlarynyň doktory Döwletgeldi Myradowyň halypalyk etmeginde ýerine ýetirilýän doktorlyk dissertasiýa işiň netijesinde döredildi.
Täze sorty Türkmenistanyň ähli sebitlerinde güýzlük möhletde ösdürip ýetişdirip bolýar. Sortdan ýokary hasyl almak üçin güýzlük bugdaýy ösdürip ýetişdirmekde geçirilýän ähli agrotehniki çäreleri ylmy taýdan bellenilen möhletlerde hem-de kadalarda öz wagtynda ýerine ýetirmeli. Bu sorty ekmek üçin sebite mahsus bolan mehaniki düzümi boýunça ýeňil we orta toprakly, haşal otlardan arassa meýdanlar saýlanylyp alynmaly. Tohumlyk meýdanlar bolsa gaty bugdaý ekilen meýdanlardan 500 metrden az bolmadyk daşlykda ýerleşdirilmeli. Sebäbi garşylyklaýyn tozanlanmagyň netijesinde birmeňzeşligiň ýitirilmegi, sortuň hil we hasyl berijilik sypatlarynyň peselmegi mümkin.
«Garaşsyzlyk — 30» sortuny ýorunjanyň we kösükli däneli ekinleriň (nohut, noýba, soýa, mäş we başgalar) yzyna ekmek maslahat berilýär. Bugdaýyň bu täze sorty gowaçadan, gök-bakja ekinlerinden soň ekilende hem oňat hasyl berýär.