Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti hasabyna gelip gowuşýan walýuta serişdeleri azalan edaralaryň işine nägilelik bildirdi

23:1009.07.2021
0
7582

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýylyň 6 aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işine nägilelik bildirdi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu edaralaryň hasabyna gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň möçberi azaldy diýip, milletiň Lideri aýtdy we wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, daşary ýurt pulunda serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory G.Nurmuhammedowa, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburowa duýduryş yglan etdi.

Döwlet Baştutany haýsydyr bir edara walýuta boýunça tabşyrygy ýerine ýetirmese, onuň gelip gowuşýan möçberiniň azalmagyna ýol berse, onda ýylyň jemleri boýunça eýeleýän wezipesinden boşatmaga çenli berk çäre görüljekdigini duýdurdy. Milletiň Lideri bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamak babatda maliýe we ykdysadyýet ministrine anyk tabşyryklar berdi.

Mejlisiň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Buýruklara gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň