«Vibrosonic» «eşidiş linzasyny» hödürleýär

13:5810.07.2021
0
4541

«Vibrosonic» nemes startapy tarapyndan eşidiş kemçilikleriniň öwezini dolmak üçin özboluşly enjam döredildi. «Eşidiş kontakt linzasy» diýilýän gajet iberýän böleginiň gulak bilen göni aragatnaşykda bolmagy üçin döredildi.

Şeýlelik bilen, sesi güýçlendirýän we gulak kanalyna iberýän nusgawy enjamdan tapawutlylykda, kiçijik piezoelektrik enjam görnüşindäki täzelik yrgyldy mehanizminiň gulagyň öň tarapynda ýerleşýändigidir. Güýçlendirijiniň belli bir ýerleşişi sebäpli, eşidiş linzasyny sazlap durmaly.

Häzirki wagtda eşidiş linzasynyň gulaga dakylýan we batareýa bölümi bolan daşarky moduly ulanylýar, ýöne geljekde işläp düzüjiler ony gulaga doly ýerleşdiriljek miniatýura görnüşi bilen çalyşmagy meýilleşdirýärler. Şol bir wagtyň özünde, şunuň ýaly linzany oturtmak hirurgiki gatyşmagy talap etmeýär we onuň bahasy enjamyň nusgawy görnüşleri bilen deňeşdiriler diýip, «techcult.ru» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň