«Sputnik V» ýetginjeklerde synag edilip başlandy

17:0005.07.2021
0
3634

Moskwada «Sputnik V» sanjymynyň 12 ― 17 ýaş aralygyndaky ýetginjeklerde kliniki synagy başlady.

«Kommersant»-yň ýazmagyna görä, synaglaryň ilkinji iki synag şäherdäki iň öňdebaryjy çagalar hassahanalarynda amala aşyrylar.

Ilkinji meýletinçiler sanjymdan ozal lukmançylyk barlagyndan geçip başladylar. Synaglar bir ýyl dowam eder. Waksinanyň iki tapgyryny hem kabul eden meýletinçiler üç gün keselhanada lukman gözegçiliginde galar. Sanjymdan soň ýörite ykjam programmada ýetginjekler öz-özüňi synlamak gündeligini saklarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň