Türkmenistan Belarusdaky raýatlarynyň bir toparyny alyp gelýär

14:0304.07.2021
0
16604

«Türkmenistan» awiakomaniýasynyň Minskden Türkmenabada gurajak ýörite uçuşy bilen Belarus Respublikasyndaky raýatlarymyzyň bir topary ýurda alnyp gelner.

T5786 belgili uçuş bilen hereket etjek uçuş 6-njy iýul güni «Minsk» milli howa menzilinden ýerli wagt bilen 18:05-de (Aşgabat wagty bilen 20:05-de) asmana galar we Türkmenabada 7-nji iýulda gije sagat 00:35-de Türkmenabada geler.

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralýan ýörite uçuş bilen ýurda geljek raýatlarymyz 21 günläp karantin gözegçiliginde bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň