Soňky habarlar

Arhiw

"Wozroždeniýe" Aşgabatda sil suwuny sowýan toplumyň gurluşygyny alyp barýar

13:1604.07.2021
0
27585

“Wozrozdenie” şereketiniň Türkmenistandaky şahamçasy paýtagty silden goramaly desgalar toplumynyň gurluşygynda esasy gazuw işleriniň agramly bölegini tamamlap, beton işlerine başlady. Indi onuň öňünde (sil suwuny toplaýjyny, sorujy beketleri, geçiriji, süzüji we baş desgalary öz içine alýan) kanaldyr turbageçirijiler ulgamyny döretmek, bar bolan kanalyň durkuny täzelemek, ýol işlerini tamamlamak we elektrik üpjünçiligini ýola goýmak işleri dur. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Geçen ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäher häkimligine Russiýanyň “Wozroždeniýe” önümçilik birleşigi” paýdarlar jemgyýeti bilen Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda silden goraýan desgalar toplumyny taslamak we gurmak barada şertnama baglaşmaga rugsat berýän karara gol çekdi. Ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagyny-da öz içine alýan bu taslama 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanylmaga berilmeli.

“Wozroždeniýe” şereketi tarapyndan teklip edilen toplum taslamasy, şunuň ýaly desgalary taslamak we gurmak boýunça bar bolan ähli standartlary göz öňünde tutmak bilen işlenip düzüldi. Ol esasy sil ýollarynyň boýunda 1-den 6 million kub metre çenli göwrümi bolan sil suwuny toplaýjylaryň gurulmagyny göz öňünde tutýar. Bu ýerde toplanan suw ýörite süzgüçli sorujy beketler arkaly kanallara, soňra bolsa şäheriň daşyna akdyrylar. Bu desga dagdan gelýän laýly ýagyş suwlaryny doly sowmaga, şeýlelik bilen-de, şäheri silden goramaga mümkinçilik berer.

Bu desgalaryň taslama çözgütleriniň işlenip düzülmegine Russiýanyň iň iri we iň gadymy taslama institutlarynyň biri – bütin dünýäde şu kysymly desgalary taslamak boýunça ägirt uly tejribesi bolan “Sewkawgiprowodhoz” gatnaşdy.

Şereketiň önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar. Häzirki wagtda onuň Türkmenistanda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň häzirki zaman ýol gurluşyk we awtoulag tehnika enjamlarynyň, takmynan 200 sanysy bar. Şäheriň günorta tarapynda geçirilen gazuw işlerinde bu şereket üçin täze enjam, ýagny toprak gatlagyny gyrdap alyp, özi ýükläp-düşürýän “Katerpillar” kysymly özi hereket etmeýän (tirkelýän) skreper ulanyldy.

“Wozroždeniýe” şereketiniň ygtyýarynda beton we asfalt-beton zawodlary, titretme usulynda preslenen önümleri öndürýän kärhana, magdançylyk toplumy we merkezi barlaghana bar.

“Wozroždenie” şereketler topary Russiýanyň demirgazyk-günbataryndaky ýol-ulag gurluşygy, abadanlaşdyryş işleri we landşaft gurluşygy, tebigy daşlary gazyp almak we gaýtadan işlemek, gurluşyk serişdelerini öndürmek, maýa goýum gurluşygy bilen meşgullanýan iň iri Holdiň şereketleriniň biridir.

Kompaniýa Türkmenistandaky şahamçasyny 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda resmileşdirtdi. Türkmenistanda iş alyp baran on ýylynyň dowamynda russiýalylar öz güýçleri bilen 25-den gowrak infrastruktura desgasyny, şol sanda 50 kilometrden gowrak birinji derejeli awtoulag ýoluny we 18 ýol çatrygyny we köprülerini üstünlikli gurup, ulanmaga tabşyrdylar, şeýle hem başga-da birnäçe taslamany durmuşa geçirdiler.

Jogapkärçilik, täzeçillik, her desganyň gurluşygyna ýörite çemeleşme, döwrebap we ýokary tehnologiýaly enjamdyr serişdeler, iň kyn meseleleriň gysga wagtda ýerine ýetirilmegi “Wozroždeniýe” şereketiniň ösüş usulydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň