Arhiw

«Türkmengaz» bilen hyzmatdaşlyga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň sany köpelýär

23:4302.07.2021
0
5157
«Türkmengaz» bilen hyzmatdaşlyga isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalarynyň sany köpelýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Hökümetiň 2-nji iýulda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna gazhimiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.

Dünýäde ygtybarly hyzmatdaş we öz borçlaryna jogapkärçilikli garaýan ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen ýurdumyzda ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak boýunça gepleşikler geçirilýär. Ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we gaz geçirijileriň gurluşygyny çaltlandyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen geçirilýän gepleşikler oňyn netijesini berýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de önümçilik düzümlerine täzeçil tehnologiýalary we dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişli bolmalydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti bu barada aýtmak bilen, toplumda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlaryň belli kompaniýalary bilen gepleşikleriň geçirilmelidigini, olaryň netijeleri boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny belledi we hödürlenen teklibi makullap, nebitgaz senagaty boýunça oňyn tejribesi bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen bu ugur boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň