Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan 2020-nji ýylda Ispaniýadan import edilen harytlaryň mukdaryny köpeltdi

23:5401.07.2021
0
14615

2020-nji ýylda Ispaniýadan Türkmenistana eksportyň möçberi 30,5 million ýewro barabar boldy. Munuň özi geçen ýylky bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň ýokarydygyny görkezýär. Bu barada Ispaniýanyň Oba hojalyk ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, trend.az habar berýär.

«Agaç we agaç önümleri, mebel, oturgyçlar we lampalar, elektrik enjamlary we materiallary, kakao ýaly harytlar esasy eksport edilen önümler boldy» diýip, ministrlik habar berýär. Habar berlişi ýaly, Türkmenistandan Ispaniýa importyň möçberi 2020-nji ýylda 1,3 million ýewro deň boldy. Dökünler Türkmenistandan iberilen önümleriň esasyny düzdi.

Ispaniýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, IBERTEST, IDOM, INDRA, TALGO, REPSOL, TÉCNICAS REUNIDA, TYPSA ýaly kompaniýalar Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän ispan kompaniýalarynyň sanawyna girýär. Bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň ilkinji sekiz aýynda Türkmenistana Ispaniýanyň eksportynyň möçberi 8,9 million ýewro barabar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň