Soňky habarlar

Arhiw

Oba hojalygyna suwasty ekerançylyk aralaşýar

15:3001.07.2021
0
4891

Howanyň üýtgemegi oba hojalygynyň alternatiw çeşmelerini tapmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. 2012-nji ýylda Serjio Gamberini tarapyndan Liguriýanyň kenaryndaky suw astynda reyhan ösdürip ýetişdirmek üçin teklip edilen bu pikir hakykata laýyk däl ýalydy.

Ýöne «Okean Reef Group» suwasty ekerançylyk boýunça önümçiligini giňeltdi. Indi ýörite biosferaly tejribehanada dürli otlar, ýertudana ýaly ekinler ýetişdirilýär. Döredijileriň aýtmagyna görä, deňiz ösümlikleriň ösmegi üçin iň amatly gurşawdyr. Deňizde ekinler diňe bir sagdyn bolman, eýsem, üýtgeşik tagamy we yzy bilen hem tapawutlanýar.

«Euronews»-yň habaryna görä, bu hili biosfera köpleriň ünsüni özüne çekýär. Hatda mundan soň suwasty ekerançylyk bilen meşgullanmaga döwtalaplaryň sany barha köpelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň