Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy

10:3825.06.2021
0
3476
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy boldy
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Onlaýn görnüşde geçirilen çärä Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luçano Galli, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly tanyşdyrylyş dabarasyna Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Wiçensa şäheriniň meri Françesko Rukko gatnaşdylar.

Milletiň Lideriniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi bilen, ol köp sanly daşary ýurtly okyjylaryň arasynda meşhurlyga eýe bolýar. Azerbaýjan, gruzin, rus, türk, hytaý, ukrain, fransuz we ýapon dillerine terjime edilen neşirleriň üsti italýan diline terjime edilen neşir bilen ýetirildi. Munuň özi dünýä jemgyýetçiliginiň halkymyzyň baý taryhyna we medeniýetine uly gyzyklanma bildirýändigini alamatlandyrýar.

Tanyşdyrylyş çäresinde çykyş edenler Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu eserinde türkmen jemgyýetiniň ruhy-ahlak sütünleri baradaky gymmatly maglumatlaryň jemlenendigi, bu kitabyň milletimiziň medeni mirasynyň dowamatlygyny gorap saklamaga hem-de giňden wagyz etmäge ýardam berjekdigi baradaky pikiri beýan etdiler. Islendik halkyň medeniýetinde öz beýanyny tapýan öçmejek umumadamzat ýörelgeleri türkmenleriň däp-dessurlarynda has aýdyň ýüze çykýar. Biziň halkymyza asyllylyk, edeplilik, myhmansöýerlik, dostluk, agzybirlik we jebislik ýaly häsiýetler mahsusdyr.

Bellenilişi ýaly, italýan okyjylary türkmen halkynyň taryhy we medeniýeti, durmuş filosofiýasy, däp-dessurlary, parasatly öwüt-ündewleri baradaky öz garaýyşlaryny giňeltmäge ýene bir ajaýyp mümkinçilige eýe boldular. Bu bolsa netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň