Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Ählumumy asudalyk indeksinde ýokary galdy

11:0422.06.2021
0
6025

Türkmenistan ýurtlaryň asudalgyny 23 görkeziji boýunça ölçeýän umumy indeksde - 2021 Ählumumy asudalyk indeksinde (Global Peace Index) 7 dereje ýokary galdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berýär.

«Ählumumy asydalyk indeksi» (Global Peace Index) – Parahatçylyk institutynyň tutuş dünýä boýunça halkara bilermenler toparynyň sosiologlarynyň we ykdysatçylarynyň Sidneý uniwersitetiniň Parahatçylygy we çaknyşyklary öwrenmek merkezi bilen birlikde işläp taýýarrlan görekzijisidir, olaryň pikirine görä, ol tutuş dünýäde ýurtlarda hem-de sebitlerde howpsuz durmuş derejesini görkezýär.

Ýurtlaryň asudalygyny kesgitleýän indeks san we hil görkezijileriniň 23-sinden ybaratdyr, olaryň her biri şkala boýunça 1-den 5-e çenli ölçelýär: bally näçe pes boldugyça, şonça-da ýurt asuda hasaplanylýar.

Asudalyk indeksini Ykdysadyýet we dünýä institutynyň howandarlygynda dürli dünýä ýurtlarynyň barlaglar institutlarynyň hem-de seljerme merkezleriniň birnäçesiniň bilermenleriniň halkara topary işläp taýýarlady. Onuň hasap bölegi BMG, Bütindünýä banky, Transparency International we beýleki halkara guramalarynyň, şeýle hem ýurtlaryň birnäçesiniň barlaglar institutlarynyň statistiki maglumatlary esasynda taýýarlanyldy. Bu taslamada işlemäge syýasy we jemgyýetçilik işgärleri, şol sanda Nobel baýraklarynyň eýeleri – ABŞ-nyň we Finlýandiýanyň ozalky prezidentleri Jimmi Karter hem-de Martti Ahtisaari, Tibetiň ruhy lideri Dalaý-lama, Iordaniýaniň şa aýaly Nur, BMG-nyň ozalky Baş sekretary Kofi Annan çekildi.

Indeks Economist Intelligence Unit guramasynyň (Economist britan žurnalynyň seljerme bölüminiň) usulýeti boýunça hasalanylýar. Görjkeziji taýýarlanylanda barlaga alnan döwletleriň ählisi ýörite taýýarlanylan görkezijiler, şeýle hem içerki we daşky ýagdaýlaryň utgaşygy boýunça seljerilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň