LG bükülýän telewizor öndürdi

16:1721.06.2021
0
4579

LG kompaniýasy tarapyndan täze çeýe, epilýän telewizor oýlanyp tapyldy. «Ferra.ru»-nyň «LetsGoDigital» çeşmesine esaslanyp habar bermegine görä, kompaniýa Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynda eplenip bilýän telewizoryny bellige aldyrdy. Täze telewizorlaryň ekrany ozal bar bolanlaryndan tapawutlylykda iki tarapdan hem keseligine kiçelip bilýär.

Telewizoryň ekranyny epläp, aslynda, ony bükülýän akustiki enjam hökmünde hem ulanyp boljak. Mundan başga-da, telewizora tomaşa edip otyrkaňyz, çep we sag modullar keseligine giňeldilip bilner.

Ýatladyp geçsek, LG aprel aýynda önümçiligiň beýleki ugurlaryna ünsi jemlemek üçin smartfon bölümini ýapýandygyny habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň