Hindistanda koronowirusyň täze görnüşi ýüze çykaryldy

14:3821.06.2021
0
5815

«Kommersant» Hindistanyň «Times» neşirine salgylanyp, Maharaştra ştatynyň dört etrabynda koronawirusyň täze görnüşiniň tapylandygyny aýtdy.

«Delta plýus» (delta +) diýlip atlandyrylýan ştamm 20 näsagda ýüze çykarylan hem bolsa, ol edil häzir alada goýjak derejede güýçli däl. Neşiriň habaryna görä, ştammyň nusgalary genleriň yzygiderliligi üçin iberilýär. Diňe şondan soň täze görnüşiň agdyklyk edýän güýji kesgitleniler.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň habaryna görä, häzir bu keseliň Hindistanda dörän görnüşleri beýleki döwletlere-de çalt ýaýraýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň