TFF-niň kubogy ― 2021: «Aşgabat» «Şagadamy» soňky minutlardaky gol bilen ýeňdi

10:0218.06.2021
0
632

Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky milli ýaryşyň ilkinji gününde «Aşgabat» «Şagadamy» 1:0 hasabynda ýeňdi. Bu barada federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

«Aşgabat» köpugurly sport toplumynda geçirilen duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 83-nji minutdaGurbannyýaz Sähedow geçirdi.

Bu duşuşygyň ýaryşyň «A» toparçasynyň çäginde geçirilendigini ýatladýarys. Topardaky ugurdaş duşuşykda «Energetik» «Altyn asyr II»-ni 4:3 hasabynda ýeňdi.

Ýaryşdaky ilkinji duşuşygynda şowsuzlyga uçran «Şagadam» ikinji tapgyrda «Energetik» bilen, «Aşgabat» bolsa «Altyn asyr II» bilen duşuşar. Duşuşyklar 19-njy iýunda geçiriler.

TFF-niň kubogy ― 2021. «A» toparça. 1-nji tapgyr

«Şagadam» – «Aşgabat» ― 0:1

Gol: 83 Gurbannyýaz Sähedow.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň