MIUI-nyň näsazlyklary düzediler

15:4917.06.2021
0
4156

«Xiaomi» kompaniýasy MIUI smartfonlarynda näsazlyklar we kemçilikler bilen iş salyşjak täze bölümi döretdi.

Bäş adamdan ybarat ýörite «MIUI pionerleri» toparynyň ulanyjylar tarapyndan ýüze çykarylan kynçylyklary derrew ýok etmegi meýilleşdirilýär.

Döredilen bölümiň diňe Hytaýdan gelen ulanyjylar bilen aragatnaşyk saklajakdygy we kompaniýanyň resmi forumynda alyp barýan işleri barada hasabat berjekdigi bellendi.

«Ixbt.com»-yň habar bermegine görä, «Xiaomi» MIUI programma üpjünçiliginiň durnuksyzlygy sebäpli ulanyjylardan ötünç sorady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň