“Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlary hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär

10:3117.06.2021
0
5153

Häzirki döwürde jemgyýetçilik durmuşyny awtoulagsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Syýahatçylykda we zerur işleri bitirmekde ilkinji ýüzlenilýän ulag serişdesi awtoulagdyr. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda olaryň sany we görnüşleri barha artýar. Bu bolsa awtoulag hyzmatlaryna, bejergi we abatlaýyş işlerine bolan talabyň artmagyna getirýär.

Awtoulag sürmegiň we ony aýawly saklamagyň düzgünlerini doly berjaý etmek örän wajypdyr. Çünki gurat bolmadyk awtoulag köçe-ýol hereketiniň sazlaşygyny bozup bilýär. Ýol hereketiniň düzgünleriniň howpsuzlygyny gazanmak bolsa, sürüjileriň we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün edýär. Şonuň üçin hem awtoulaglary ýygy-ýygydan tehniki barlagdan geçirip durmak her bir awtoulag sürüjisiniň hökmany borjy bolup durýar. Ýagny, tekerleri, saklaýyş ulgamyny, ýaramlyk möhleti tamamlanan ätiýaçlyk şaýlaryny öz wagtynda barladyp we çalşyp durmaly. Bu hyzmatlary ýerine ýetirmekde “Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlary sürüjileriň arasynda uly meşhurlyga eýedir.

“Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlary 10 ýyldan gowrak wagt bäri sürüjilere hyzmat edip gelýär. Kärhananyň hödürleýän döwrebap awtoulag hyzmatlary ýurdumyzyň sürüjileri tarapyndan uly islegden peýdalanýar. Çünki awtoulagyň ýagyny, tekerini, akkumulýatoryny çalyşmak, abatlaýyş işleri, awtoýuwalga ýaly hyzmatlar hiliniň ýokarylygy bilen halkymyzyň arasynda uly ynama eýe boldy.

Islegleriň köplügi nazara alnyp, “Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlary awtoulag babatda müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen ýörite programma üpjünçiligini ulanylyşa girizdi. Internet ulgamynda işleýän “Awtoyoly” ykjam programmasy IOS we Android operasion ulgamlar üçin elýeterlidir. Müşderiler ony AppStore ýa-da Play marketden ýükläp alyp bilerler.

Programmada “Harytlar”, “Serwisler” we “Dükanlarymyz” atly bölümler ýerleşdirilendir. “Harytlar” bölüminde awtoulagyň sarp ediş harytlarynyň ähli görnüşleri bilen tanyşmak bolýar. Sarp ediş harytlara tekerler, diskalar, akkumulýatorlar, ýaglar, filtrler, aksessuarlar, awtohimiýa we awtoşaýlar degişli bolmak bilen, olaryň ady ýazylan düwmä basmak arkaly, olaryň görnüşleri, şeýle hem bahalary bilen tanşyp bilersiňiz.

Şeýle-de bu ykjam programmada täze harytlar, arzanladyş we iň köp satylan önümler baradaky maglumat hem göz öňünde tutulandyr. “Dükanlarymyz” atly bölümde bolsa ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän “Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlary we hyzmat ediş nokatlary bilen tanyşmak mümkinçiligi bar. Programma arkaly islendik haryt saýlanylyp alnanda, onuň doly häsiýetnamasyny öwrenmek bolýar. “Sebede goş” düwmesine basylanda bolsa, haryt sebede goşulýar. Sebede girip, “Sargyt et” düwmesine basylanda, sargyt kabul edilýär we tölegiň görnüşini saýlamak mümkinçiligi hödürlenilýär. Dessine operator siz bilen habarlaşar we harytlary eltip bermek ýa-da çalşylyp berilmek baradaky hyzmatlary anyklanylar. Şeýlelikde, islenilýän hyzmat görnüşine görä sargyt amala aşyrylýar. Sargyt doly kabul edileninden soňra, müşderä sargyt kody sms arkaly ugradylýar.

Şeýle hem gözleg filtriniň üsti bilen müşderiler özlerini gyzyklandyrýan brendleriň harytlary bilen tanşyp, öz awtoulaglarynyň ölçegine görä aňsatlyk bilen tapyp bilerler. Geljekde almagy meýilleşdirilýän harytlar bolsa “Halananlar” kategoriýasyna goşulyp, satyn alynmakçy bolnanda aňsatlyk bilen sargyt edilip bilner.

Ýene-de bir bellemeli zatlaryň biri, programmada her bir müşderiniň “Şahsy otagy” döredilýär. Ol ýerde “Arhiw” diýen bölümde öň satyn alnan harytlar maglumat, olaryň senesi ýerleşdirilýär. Bu bolsa sürüjileriň awtoulagyň tehniki ýagdaýyna doly gözegçilik etmekleri üçin ýeňillik döredýär. Şeýle hem her bir müşderi üçin aýratyn döredilýan QR kod arkaly “Awtoýoly” müşderi karty açylýar we edilen söwdalar boýunça ballar toplanýar. Toplanan ballary indiki söwdalar üçin ulanmak mümkindir.

Umuman, “Awtoýoly” nyşanyny göterýän dükanlar we hyzmat ediş nokatlary paýtagtymyzda we welaýatlarda sürüjilere ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Bu hyzmatlar müşderileriň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Bu bolsa dükanlaryň halkymyza mynasyp hyzmat etmek maksadyndan ugur alýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň