Soňky habarlar

Arhiw

«Açar» ykjam programmasy gozgalmaýan emläk meselelerini netijeli çözmegi teklip edýär

19:3915.06.2021
0
10039

Smartfonlaryň meşhurlygynyň artmagy bilen, köp adamlar ykjam programmalary ulanyp zerur maglumatlary gözleýär. Gozgalmaýan emläk pudagy – kadadan çykma däl, köplenç jaý gözlemek ýa-da ony satmak synanyşyklarynyň nähili amala aşyrylýandygyny internete girýän ykjam telefony arkaly görüp bilersiňiz.

Ýerli programma üpjünçiliginiň döredijileri «Açar» ykjam programmasyny döretdi. Bu programmanyň üsti bilen internetde gozgalmaýan emläk hakda maglumat gözlemegi ep-esli aňsatlaşdyryp bilersiňiz. Bu ýerde ýurdumyzyň paýtagtyndaky we welaýatlaryndaky ýaşaýyş jaý, ofis, dükan ýaly islendik gozgalmaýan emläkleriň mahabatlaryny bir ýerde görmek, kärendesine almak ýa-da satmak mümkinçiligine eýe bolup bilersiňiz.

«Açar» ykjam programmasy diňe satmaga ýa-da kärendesine almaga niýetlenilen gozgalmaýan emläkleriň maglumatlar bazasyny görmäge mümkinçilik bermän, eýsem mahabatyňyzy ýerleşdirmäge hem mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu programmada gözleýän zadyňyzyň ölçeglerini anyk kesgitlemeklik üçin ulanyp boljak filtr funksiýasy bar.

«Açar» ykjam programmasynda hasaba durmaklyk (registrasiýa etmeklik) diýseň ýönekeýdir. Bu programmada hasaba durmaklyk (registrasiýa etmeklik) üçin telefonyň belgisini we tassyklama kody bolan SMS-i ulanmak maslahat berilýär, sebäbi käbir funksiýalar diňe hasaba alnandan soň peýda bolýar. Mahabat ýerleşdireniňizde, suratlary hem ýükläp bilersiňiz.

«Açar» ykjam programmasyny Android we IOS platformalarynda göçürip alyp bolýar. Bu platformalaryň gözleg setirinde "Acar Keshde", "Achar Keshde" ýa-da "Ачар Keshde" (şu üç söz düzüminiň haýsysyny ýazyp gözledeňde-de, «Açar» ykjam programmasyny tapyp bolýar.) ýazmaly, soňra ykjam telefon belgiňiz arkaly programmany göçürip almaly. «Açar» ykjam programmasyny göçürip almaklyk mugt amala aşyrylýar.

«Açar» ykjam programmasy döwrebap we amatly programma bolup, ol her kimiň öz pikiri boýunça iň ýokary hil görnüşindäki «inedördül metr» saýlap bilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

«Açar» ykjam programmasy gozgalmaýan emläk bazaryndaky üýtgeşmeleri çözmegiň we jaýyňyzy satmak üçin mahabaty aňsat we çalt ýerleşdirmegiň (ýa-da satyn almak ýa-da kärendesine almak üçin iň amatly görnüşi tapmagyň) özboluşly bir ajaýyp usulydyr.

«Açar» programmasyny göçürip almak aňsat, onuň hemmetaraplaýyn düşnükli interfeýsi bar. Munuň özi bolsa, maglumatlary sizi gyzyklandyrýan ölçegler boýunça tertiplemäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň