15-nji iýundan başlap Ysraýylda örtük dakynmak zerurlygy aradan aýrylar

19:0507.06.2021
0
4462

Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrligi koronawirus ýokançlygynyň ýaýramagynyň ýagdaýy erbetleşmese, 15-nji iýundan ýurduň içinde hökmany örtük dakynmak düzgünini ýatyrmagy meýilleşdirýär ― diýip, TASS habar berýär. Emma bu ýeňillik dynç alyş mekdeplerine degişli bolmaz.

18-nji aprelde Ysraýylda bilim ulgamy doly açyldy we mekdepde açyk howada gorag örtüklerine dakynmazlyga rugsat berildi. Ýurtda örtük dakynmakdan başga ähli wagtaýyn çäklendirmeler ýatyryldy.

Ysraýylda bu karar COVID-19-yň derejesiniň pes we durnukly bolmagy sebäpli kabul edildi. Muňa garamazdan, ýurda girmek we çykmak baradaky çäklendirmeler öz güýjünde galýar. Geçen ýylyň dekabryndan bäri Ysraýylda ilat «Pfizer» waksinasy bilen işjeň sanjym edýär. Häzirki wagtda ýurduň umumy ilatynyň 55 göterimden gowragy sanjymyň ikinji dozasyny aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň