Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde täze wezipeler goýuldy

23:5804.06.2021
0
8306
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde täze wezipeler goýuldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde hem nygtaýşy ýaly, häzir okuw ýylynyň tamamlanandygyna ünsi çekmek bilen ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglaryndan başga-da täze okuw ýylyna hem gowy taýýarlyk görmeli, ýokary we orta mekdeplerde ýeňil hem-de düýpli abatlaýyş işlerini geçirmeli, dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalaryň tomusky dynç alşyny talabalaýyk guramaly diýip belledi.

Siz Hökümetiň bilim işgärleri bilen boljak maslahatyna hem düýpli taýýarlyk görüň! Bu maslahatda biz bilim ulgamynda geçiriljek nobatdaky özgertmeler bilen bagly meselelere serederis diýip, milletiň Lideri wise-premýer M.Geldinyýazowa we degişli ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň möhüm ähmiýetini belläp, olaryň geçirilýän döwründe jemgyýetçilik gözegçiligini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem ähli mekdeplerde sanly ulgam boýunça täze okuwlary guramaly. Bu ugurda Ylymlar akademiýasyna esasy ornuň degişlidigini aýdyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň