Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçylary «Caspian Startup-2021» bäsleşiginde baýrakly orunlary eýelediler

10:4103.06.2021
0
7336

Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň üçüsi Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde ýerleşýän Nazarbaýew intellektual mekdebi tarapyndan geçirilýän «Caspian Startup-2021» bäsleşiginiň baýrakly orunlaryna mynasyp boldy. Bäsleşige 9 ― 12-nji synp aralygynda okaýan mekdep okuwçylary we Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Gazagystanyň kollejleriniň 1-2-nji ýyl talyplary gatnaşdy. Bäsleşigiň esasy mowzugy gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boldy.

Bäsleşikde jemi 89 taslama görkezildi. Olardan 22-si türkmenistanly ýaşlara degişlidir. Şondan 15 taslama ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykdy, olaryň üçüsi türkmenistanlylara degişlidir.

Bäsleşigiň netijeleri 1-nji iýunda jemlenildi we ýeňijilere baýraklar ― birinji ornuň eýesine noutbuk, ikinji orna planşet, üçünji orny eýelänlere smartfon berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň