«Rimac Nevera» täze elektrikli ulagy 2 million ýewrodan satylar

12:5202.06.2021
0
3792

Horwatiýanyň elektrikli giperkar öndüriji kompaniýasy «Rimac Automobili» «Rimac Nevera» ulagynyň soňky nusgasyny resmi taýdan hödürledi. Ulagyň ady Horwatiýanyň kenarlarynda birden ýüze çykan Ortaýer deňziniň tupanyny aňladýar.

Kompaniýanyň ulaglaryna giperkar düşünjesi 2018-nji ýylda «Rimac C_Two» ulagy bilen aralaşypdy. 1914 at güýjüne eýe bolan şol ulag bir gezeklik zarýadlanma bilen ep-esli aralygy geçip bilipdi.

Täze ulagda ýerleşdirilen dört sany elektrikli hereketlendirijiniň her biri bir tekere güýç berýär. Bu kuwwatly ulag 1,97 sekuntda sagatda 100, 9,3 sekuntda sagatda 300 kilometr tizlige ýetip bilýär.

Giperkaryň iň ýokary tizligi sagatda 412 kilometre çenli ýetýär. 500 kW kuwwatly elektrikli hereketlendiriji 22 minutda 80 göterim zarýad alyp bilýär.

Ýokarda agzalan artykmaçlyklardan başga-da, täze ulagda NVIDIA Pegasus, içerki emeli intellekt we «Rimac Driving Coach» sensorly ulgamlarynyň üçüsi bar.

Ýöne «Rimac Nevera»-nyň yzygiderli önümçiligi diňe 150 nusga bilen çäklener. «Ixbt.com»-yň habaryna görä, giperkaryň bahasy 2 million ýewro bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň