Soňky habarlar

Arhiw

«Ak hünji» hususy kärhanasy iş ýerlerini hödürleýär

14:4929.05.2021
0
10105

Penopolistiroldan dürli önümleri öndürýän «Ak hünji» hususy kärhanasy daşary döwletlerden satyn alnan önümçilik enjamlarynda iş alyp barmak boýunça, işe kabul edýär. Kärhana bu wezipä laýyk işgäri (erkek adam) saýlap almak üçin işe girmek isleýän dalaşgärler bilen, söhbetdeşlik esasynda kabul edýär.

Iş ornunyň aýlyk haky barada, gürrüňdeşligiň barşynda habar berler. Işgär bellenilen synag möhleti bilen işe kabul ediler. Synag döwründe işgäre zähmet haky doly derejede tölenilip, işgäri bellige almak Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda ýerine ýetiriler.

Işe girmek isleýänlerden şular talap edilýär:

  • ýokary bilimli; (Önümçilikde işlemek ugry boýunça);
  • kompýuterden oňat başy çykýan;
  • rus we iňlis dillerinden oňat baş çykarýan;
  • Kärhana Mary welaýatynda ýerleşýändigi sebäpli, dalaşgärler Mary welaýatynda ýaşaýan bolmaly.

Dolandyryş binasynda we önümçilik meýdançasynda işlemek üçin talaplar:

  • orta we ýörite orta bilim.
  • önümçilik enjamlarynda köp tejribesi bolan.

Şeýle-de, önümçilik sehlerinde işlemek üçin operator, ussa, elektrik ýaly iş orunlaryny yglan edýär.

Işe girmek isleýän dalaşgärler özleri hakynda maglumatlary ykemal@akhunji.com elektron poçtasyna iberip bilerler. Maglumatlara dalaşgäriň pasportynyň, harby şahadatnamasynyň, diplomynyň we eger maşgalaly bolsa, nika şahadatnamasynyň skanerden geçirilen elektron nusgalaryny goşmak hökmanydyr. Şeýle hem işe girmek isleýänler ýokarda agzalan resminamalar bilen şu salga ýüz tutup bilerler: Mary şäheri, Kenarýaka (Gurbansoltan eje dokma fabriginiň ýany) köçesiniň 12-nji jaýy «Akhünji» hususy kärhanasy.

Ähli doldurmaly resminamalary şu salgydan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň