«MB Shoes-iň» dizaýn bäsleşigine gatnaşmagyň şertleri belli boldy

20:2725.05.2021
0
8932

Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli «MB Shoes» aýakgaplarynyň täze modelini saýlamak boýunça online bäsleşigiň şertlerini mälim etdi.

  • Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa kämillik ýaşyna (18 ýaşa) ýeten müşderiler gatnaşyp biler.
  • Bäsleşige teklip edilýän modeller kompaniýanyň instagram (@mb_shoestm) ýa-da muhammet-balkan@mail.ru e-mail hasabyna surat görnüşinde iberilmeli.
  • Gatnaşyjylaryň her biri bir akkaunt boýunça diňe 1 (bir) model teklip edip bilerler. Bäsleşige gatnaşmak üçin müşderiler instagram sahypasynda şahsy hasabynda özüniň bir dostuny bellemeli ýa-da e-mail arkaly öz dostuna bäsleşik barada habar bermeli.
  • Bäsleşige hödürleniljek aýakgap modelleri güýz-gyş möwsümine niýetlenilen bolmaly.
  • Şeýle hem bäsleşige gatnaşyjylar aýakgap modeliniň suraty bilen birlikde özüniň doly adyny, doglan senesini, telefon belgisini, e-mail salgysyny ugratmaly.
  • Teklip edilýän modeller boýunça ýeňiji 2 topar tarapyndan — Önümçilik-tehniki topary hem-de ildeşlerimiziň ses bermegi arkaly saýlanar.
  • Instagram ulanyjylaryň iň köp sesini almagy başaran (laýk alan) we önümçilik-tehniki topary tarapyndan goldanylan aýakgap modelleriniň ugradyjylary hem ýeňiji diýlip yglan ediler.
  • Ýeňijä, «Muhammet-Balkan» kompaniýasynyň sowgady hökmünde, öz dizaýnyna görä ýasalan aýakgap sowgat berler. Geljekde bu dizaýnyň awtorynyň hukuklary doly goralyp, bu model önümçilige ornaşdyrylar. Awtorlyk hukuklaryny goramak baradaky kanunçylyga laýyklykda, ýaryşa gatnaşyjynyň ugradan aýakgabynyň modeli belli bir derejede özgerdilip bilner.

Bäsleşik 25.05.2021 — 25.06.2021 aralygynda geçiriler. Ýeňiji iýulyň 2-ne belli bolar.

Bu bäsleşik diňe bir bäsleşige gatnaşyjylar üçin däl, eýsem kompaniýanyň özi üçin hem uly synag bolup durýar, sebäbi bu diňe bir «MB Shoes» tejribesinde däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki kähanalarynda hem görlüp-eşidilmedik ädimdir. «MB Shoes» öz müşderilerine, olaryň pikirlerine ozal beýle ýakyn bolmandy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň