Top.Mail.Ru

«MB Shoes» dizaýn bäsleşigini yglan edýär

18:1726.04.2021
0
10245

«Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýeti geljekde «MB Shoes» haryt nyşany bilen öndüriljek aýakgaplar bilen bagly milli bäsleşigi geçirmekçi.

Bäsleşigiň çäginde her kim «Mukhammet-Balkan» aýakgap fabrigine daşky görnüşi, esbaplary we aýakgap rahatlygy nukdaýnazaryndan öz dizaýnerçilik pikirlerini hödürläp biler. Teklipleri muhammet-balkan@mail.ru elektron poçtasyna ýa-da Instagram hasabyna ibermeli.

Ýeňiji, «Muhammet-Balkan» kompaniýasynyň sowgady hökmünde öz dizaýnyna görä ýasalan aýakgaplary alar.

Şeýle bäsleşigi geçirmek başlangyjy tötänleýin däldir, sebäbi kompaniýanyň korporatiw iş ugry önümçiligi yzygiderli ösdürmäge we önümlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Bäsleşigiň şertleri barada ýakyn günlerde giňişleýin maglumat bereris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň