Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmengaz» Lebapdaky gazturbinaly elektrik bekedi üçin turbalary satyn alar

12:3822.05.2021
0
8800

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Hökümetiň 21-nji maýda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Türkmengaz” döwlet konserniniň dürli görnüşli turba önümlerini satyn almagy hakyndaky Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, satyn alynjak turba önümleriniň täze önümçilik desgalarynda, şol sanda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde gurulýan gazturbinaly elektrik bekediniň daşarky gaz eltiji geçirijisiniň gurluşygynda ulanmagyň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, gazhimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny güýçlendirmegiň, tebigy gazyň gaýtadan işlenilişiniň hem-de öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmagyň häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarydygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda gurulýan gazturbinaly elektrik stansiýasynyň meýdançadan daşarky eltiji gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin zerur bolan dürli görnüşli turba önümlerini satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň “Трубная Металлургическая Компания” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň “GAZPROM Schweiz AG” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň