Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda degişli çäreler görülýär. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada 14-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary esasynda türkmen döwleti tarapyndan halkara ösüşiň gün tertibinde strategik taýdan ähmiýetli orny eýeleýän meselelere aýratyn üns berilýär. Şolaryň hatarynda energiýa howpsuzlygyny berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, “ýaşyl” ykdysadyýete geçmek, energiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleler bar. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny we “Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýany” durmuşa geçirmek babatda ulgamlaýyn esasda işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan gelip çykýan borçlary iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrýar.
Döwlet Baştutanynyň tabşyrygy esasynda “Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça Maksatnamanyň” taslamasy hem-de bu resminamany durmuşa geçirmek üçin çäreleriň toplumy işlenip taýýarlanyldy. Bu işler ýurduň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirildi. Hususan-da, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariatynyň, Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, Senagat ösüşi boýunça guramasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, şeýle hem Ählumumy ekologiýa gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa meseleleri boýunça sebitleýin merkeziň, Aziýanyň ösüş bankynyň hünärmenleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edildi. Maksatnamada bu ugurdaky abraýly halkara guramalar, maliýe institutlary, ylmy-barlag merkezleri, dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarydyr kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmäge uly üns berilýändigini, Günüň hem-de ýeliň energiýasyny ulanmak babatda oňyn şertleriň bardygyny belledi.
Döwlet Baştutany halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda taýýarlanan teklibi goldady we wise-premýer, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.