25-nji maýda Aşgabatda 140 sany ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berler

23:5419.05.2021
0
20339

25-nji maýda Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň 140-syny ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Aşgabat şäherini ösdürmek, gurulýan desgalaryň dolandyryş düzüminiň işini ykdysady taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň, olaryň amatlylyk derejesiniň ykdysady taraplaryna möhüm ähmiýet berilýär. Şeýle hem paýtagtymyzyň çäklerinde Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly binalary, şol sanda döwrebap seýilgähleri, ýerasty geçelgeleri, kaşaň myhmanhanalary, Magtymguly Pyragynyň heýkelini, söwda we hyzmatlar toplumlaryny, dürli maksatly beýleki desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermek meýilleşdirildi. Şu nukdaýnazardan, ähli desgalaryň işine sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ykdysady bähbitleri möhüm şert hökmünde kesgitlendi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda şäheriň sazlaşykly ösüşine degişli wezipeleriň esasy orunda durmalydygyny belledi. Aýratyn-da, bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynda amatlylyk, elýeterlilik wajypdyr, şunda adamlaryň ýokary derejeli ýaşaýşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň